Gazak harby attaşesiniň edarasynyň bir işgäriniň Polşada tussag edilendigi baradaky maglumat 13-nji awgustda Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň Halkara gatnaşyklar merkezi tarapyndan tassyklandy.
"Häzirki wagtda bu ýagdaýy çözmek üçin daşary ýurt tarapy bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Gazagystan Respublikasynyň raýatynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur çäreler görülýär" diýip, merkez gazak raýaty tussag edileninden iki hepde soň çap edilen beýannamada aýtdy.
Polşanyň habar beriş serişdeleri daşary ýurt harby aňtaw gullugynyň işgäriniň tussag edilendigi barada 2-nji awgustda habar berdiler.
Polşanyň içeri işler ministri Tomasz Siemoniak X platformasynda ýerleşdiren ýazgysynda tussagyň öňki SSSR-e girýän Aziýa ýurtlarynyň biriniň raýatdygyny aýtdy.
Polşa tarapynyň habaryna görä, tussag edilen syzdyrylmagy ýurduň we onuň ýaranlarynyň howpsuzlygyna wehim saljak maglumatlary ýygnapdyr.
Ol diplomatik durumyny öz üstüni örtmek üçin ulanmakda aýyplanýar.