Türkmenistanda agyr işsizlik şertlerinde iş ornuny ýitirmek gorkusy astynda saklanylýan raýatlara bikanun salgyt salynmagy nobatdaky pagta ýygymy möwsüminiň öňüsyrasynda ‘täze belentliklere’ çykarylýar diýip, ýerli synçylar we habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen býujet işgärleri habar berýär.
Lebap welaýatyndaky habarçymyz bu ýylyň pagta ýygymyna taýýarlygyň göni, turuwbaşdan bikanun salgytdan, hakyna pagtaçy tutmak üçin pul tabşyrmak baradaky duýduryşlardan başlanandygyny aýtdy.
Azatlygyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, mekdeplerde, saglyk öýlerinde we beýleki döwlet edaralarynda işgärleriň her hepde pul tabşyrmaly boljakdygy, bu serişdäniň olaryň ýerine pagta ýygjak adamlara beriljekdigi aýdylýar.
Türkmenabadyň bir mekdebiniň tehniki işgäri Azatlyga dynç alyşdan gelip-gelmänkä döwletiň 'pagta mejburlygy' bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.
'Pagta mejburlygy' erjellik görkezýär
“Dynç alyşdan gelenimize birnäçe gün boldy, eýýäm pagta diýip ýüregimi buladylar. Müdir çagyryp, her hepde 60 manatdan pul toplamaly bolarsyňyz diýdi.”
Öňki ýyllarda pagtaçy üçin pul ýygnalanda işgärleriň aýlyk ýagdaýy nazarda tutulardy, tehniki işgärleriň aýlyklary mugallymlaryňkydan ep-esli az bolansoň, olaryň tabşyrmaly puly hem azrar bolardy diýip, Azatlygyň söhbetdeşi ýagdaýyň ýyl-ýyldan erbetleşýändigini hem sözüne goşdy.
Degişli maglumat Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýär“Geçen ýyl mugallymlar hepdesine 50 manat tabşyrmaly bolupdy. Şonda tehniki işgärler ýa 20 manat berýärdi, ýa-da özleri meýdana çykyp, pagta ýygýardy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran işgäriň tassyklamagyna görä, bu ýyl ýagdaý gaty üýtgedilipdir, onuň işleýän mekdebiniň tehniki işgärleri indi pagta gidip, goşmaça pul hem gazanyp bilmez, diňe her hepde hakyna tutuljak pagtaçy üçin diýlen puly tabşyrmaly bolar.
“Biziň aýlygymyz onsuzam az. Öňler pagta ýygmaga gidip, aýlygyň gapdalyndan goşmaça gazanç ederdik. Indi beýle mümkinçilik ýok, diňe pul bermeli” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk sebitiň bilim bölüminiň resmileri bilen habarlaşyp, magaryf işgärleriniň üstüne ýüklenýän pagtaçylyk, bikanun salgyt praktikalarynyň dowam etdirilmegi we has berkidilmegi barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Pagta ýygymynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk sebitiň saglyk ulgamynyň hem ‘gapysyny kakman’ bilmedi diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Bikanun 'pagta salgydy' köpeldi, ýagdaý erbetlige üýgteýär
Türkmenabadyň 3-nji şäher saglyk öýüniň işgäri bu ýyl lukmanlaryň hepdesine 100 manat ‘pagta salgydyny’ bermeli boljakdygyny aýtdy.
Bu saglyk öýüniň şepagat uýalary, tehniki işgärleri bu ýyl her hepde 60 manat bermeli boljakdyklary barada duýduryş alypdyrlar.
Pagta ýygymyna taýýarlyk Lebabyň polisiýa bölümlerinde hasapda durýan öňki tussaglaryň hem ‘gulaklaryny şaňlatdy’:
“Uçastkowy jaň edip, ‘Pagta başlanýar ýakynda, çykarsyň, ýadyňdan çykarma, gep geläýse, gözüňi podwalda açaryn’ diýdi” diýip, öňki tussaglaryň biri Azatlyga aýtdy.
Türkmenistanda ol ýa-da beýleki jenaýatda günäli tapylyp, jezalaryny çeken adamlar, anonimlik şertlerinde gürrüň bermeklerine görä, bir tarapdan işe ýerleşmekde kynçylyk çekýärler, ikinji tarapdan, polisiýanyň berk gözegçiliginde bolup, dürli kemsitmelere, şol sanda arzan işçi güýji bolmaga sezewar edilýärler.
Degişli maglumat Ýaşlaryň 'billeri bükülýär', olaryň geljekleri 'ýagty görünmeýär' - ÇeşmelerBýujet edaralarynyň işgärlerine bu ýyl gowaça meýdanlaryna 15-nji awgustdan çykyp başlamalydygy aýdyldy diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjylar, halkara hukuk guramalary Türkmenistany pagtaçylyk senagatynda mejbury zähmeti giň gerimlerde ulanmakda köp ýyl bäri tankyt edýärler.
Azatlyk radiosy pagtaçylykda dörän agyr ýagdaý barada yzygiderli habar berýär. Mysal üçin, Azatlygyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň köp ýyl bär pes saklanýandygy barada beren habarlary 2024-nji ýylyň hasylynda bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň degişlilikde 2,5 esse we 3,5 esse ýokarlanmagyna alyp geldi.
Ýöne bu nyrh ýokarlandyrmasy, görnüşinden, ýagdaýyň düzelmegine getirmedi we häkimiýetleriň býujet edaralarynyň işgärlerine salýan bikanun pagta salgydyny artdyrmagy Türkmenistanyň netijesiz oba hojalyk syýsatyndan basymrak el çekmeldigini görkezýär diýip, ýerli hünärmen aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.