FSB Russiýada uruş başlanaly bäri 65 adamy öldürdi, olaryň dokuzysy merkezi aziýaly

Ukraina garşy giň gerimli uruş başlanaly bäri, FSB-niň, Federal howpsuzlyk býurosynyň işgärleri Russiýada tussag edilen wagtynda azyndan 65 adamy öldürdi diýip, “Wažnyýe istorii” neşiri habar berýär.

Öldürilenleriň azyndan 44-si Russiýanyň raýatlary bolan bolsa, metbugat üçin ýaýradylan maglumatlarda dokuz adamyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolandygy aýdylýar, ýöne olaryň raýatlygy anyklaşdyrlmaýar.

2024-nji ýylyň mart aýynda Kaluga sebitinde öldürilenleriň azyndan ikisi Gazagystanyň raýatlary bolup, olaryň biri 35 ýaşly kebşirleýji Sabit Aşiraliýew, beýlekisi 32 ýaşly telekeçi Žanibek Taskulaýew diýlip tanadyldy.

FSB olaryň “Yslam döwleti” toparynyň owgan öýjüginiň, "Wilaýat Horasanyň" adyndan Moskwadaky sinagogada terrorçylyk hereketini amala aşyrmaga taýýarlananandyklaryny aýtdy. “Yslam döwleti” köp ýurtda terrorçy diýlip ykrar edilen topar bolup durýar.

FSB işgärleri şol aý Kareliýada 49 ýaşly fitnes tälimçisini, belarusly Nikolaý Alekseýewi atyp öldürdiler. Ol Kalinowski adyndaky polkuň agzasy bolmakda we Kareliýanyň takmynan 7,5 müň ilaty bolan Olonets etrap merkezinde dolandyryş binasyny partlatmagy meýilleşdirmekde güman edildi.

FSB işgärleri 2025-nji ýylyň fewral aýynda Pskowda üç täjigisytanlyny öldürdi.

FSB olary "daşary ýurtda ýerleşýän wekiliň görkezmesi bilen" Pskow demir ýol menzilini partlatmak niýetinde aýyplady.

“Migrant.Media” taslamasy ölenleriň atlaryny anyklady we olaryň garyndaşlary bilen gürleşdi. Olar bu adamlaryň hiç bir terror guramasy bilen baglanyşygynyň bolmandygyny öňe sürdüler.