Rus goşunlary 13-nji awgust güni irden Herson sebitiniň Çernobaýewka obasyny topa tutup, bir aýalyň ölümine sebäp boldy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hüjüm netijesinde bir ýaşaýyş jaýy ýumruldy. Halas edijiler 61 ýaşly aýalyň jesedini harabalygyň aşagyndan çykardylar. Mundan başga, goňşulykda ýerleşýän birnäçe jaýa zyýan ýetdi.
Dnipropetrowsk sebitiniň Nikopol etrabynda, FPV pilotsyz uçar hüjümleri we artilleriýa zarbalary netijesinde köp gatly bina we awtoulaglara zyýan ýetdi, iki sany hususy jaý ot aldy. Ýaralanan adam ýok diýip, habarda aýdylýar.
Rus goşunlary 13-nji awgusta geçilýän gije Ukraina 49 pilotsyz uçar we iki sany “Iskander-M /KN-23” ballistik raketa bilen hüjüm etdi.
Hüjümde Donetsk, Sumy, Çernihow we Poltawa sebitleri nyşana alyndy. Ukrainanyň Harby-howa güýçleri iki raketanyň we 32 pilotsyz uçaryň urlandygyny, 16 ýere urlan zarbanyň hasaba alnandygyny aýtdy.