Putin we Tramp Ankorijde duşuşar

Arhiw suraty: Wladimir Putin we Donald Tramp 2018-nji ýylda geçirilen G20 sammitinde

Russiýanyň prezidenti bilen ABŞ-nyň prezidentiniň arasynda 15-nji awgustda meýilleşdirilýän gepleşikler Alýaskanyň iň uly şäheri bolan Ankorijde geçiriler diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Karolin Lewitt aýtdy.

"Donald Tramp bu urşy duruzmak we adamlaryň öldürilmegini soňlamak synanyşygynda aýgytly” diýip, Lewitt brifingde aýtdy.

Ankorij Alýaskadaky iň uly şäher bolup, ştatyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde ýaşaýan 290,000-den gowrak adam ştatyň ilatynyň 40% -ini düzýär.

Biraz öň Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň telefonda gürleşendigini habar berdi. Lawrow we Rubio Putin bilen Trampyň Alýaskada boljak duşuşygyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.